Araza Baýramy Gutly Bolsun!

Araza Baýramy Gutly Bolsun!

Türkmensähra Birleşik Guramasy Türkmen ildeşlermizi Araza baýramy bilen gutlaýar !

Ortaçagda , Yslam dinine uýmazdan öň, Orta Asyýada ýaşaýan Türki haklar, ”Oruç” ady bilen bellenip geçirilýän baýramy, Yslam dinine uýub başlanmagy bilen, “Araza Baýramy” diýip adlandyrypdyrlar.

Orta Asyýada bu Baýram, başga Musulman halklarda görünmedik, Diňe Türki halklara uýgun bolan , meňzeş dabaralar we tutumlar tutulmagy bilen geçirilýär. Olaryň sanynda ,Baýramdan üç gün öň ,“ Kir Gün” diýilip ,baýramçylygy garşy almak üçin, öý-içerini artyp-arasslamak ,bezemek işleri alynyp barylýar.Baýramdan iki gün öň bolsa, “Kokun Gün”-de, Ata-babalary ýatlap ,olara degsin etmek üçin, Çapady, Çelpek, Ekmek, Bişme bişirilýar.

Günümizde bu däpler başga Türki halklarda, “Ys çykarmak”, “Ýedi Çelpek” ady bilen alnyp barylýar.

Araza Baýram güni, goňşylara, ýakyn-garyndaşlara görme-görüşe baryp, agyzybirlik, jebislik, ýardamçylyk duýgulary paýlanşylýar.

Türkmen we Türki halklaryň arasyndäki agzap geçilen bu meňzeş we ortak däp-dessurlar, olaryň örän ir çaglardan gözbaş alyp, giňden ýörgünli bolandygyny aňlatýar.

Däp-dessurlar edil dil, geýim-gejim, sungat ýaly, her bir halkyň ,özboluşlylygyny, kimligini kesgitleýär. Türkmen halkynyň Ata-babalardan gelýan däp-dessurlary gorap saklamak,Türkmen halkynyň kimligini goramakdyr.

Ýene bir gezek baýramy gutlamak bilen ,Türkmen halkynyň kimligini , milli hukuklarny goramak ugrunda yzygiderli iş alyp barýan Türkmen ildeşlermize üstünlikler dileýäris.

Tükmensähra Birleşik Guramasy

09.04.2024

Paýlaşyň, اشتراک گذاری , Share :