• 8-nji Mart Uluslarara Gelin-Gyzlar Güni Gutly Bolsun!

    8-nji Mart Uluslarara Gelin-Gyzlar Güni Gutly Bolsun!

    Ýaşaýyş Eneden başlanyşy ýaly, Ýaz aýy hem Eneleriň, Gelin-Gyzlaryň uluslarara baýramy bilen başlaýar.
    Ýaz aýynyň ilkinji günlerinde, Adam ogly tebigatyň dörediji güýjüne uýgun bolup, Ony döreden enelere baş egmek bilen başlaýar.
    Türkmen halkynyň barlygy, Millet hökmünde orta çykmagy, kimliginiň tanalmagy, biziň öý-ojaklarymyzyň diregi bolup duran, Eneler, Gelin-Gyzlar bilen bagly bolup durýar.

    Günümizde, Dünýäde Türkmen ady dile gelende, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy hem medeni mirasynyň sanawyna girizilen, Enelerimiziň, Gelin-Gyzlaryň el hünäri bilen tanalýar.

    Türkmeniň medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň, diliniň, nesilden nesle aşyp, bize gelip ýetmegine hem Türkmen Enelermize, Gelin-Gyzlarmyza borçlydyrys.

    Gynansak-da, Iranda ýaşaýan Türkmenleriň diline, Medeniýetine ýok bolup, ýitip gitmek howpy abanyp dur.
    Şu ýagdaýda, dilimizi, däp-dessurlarmyzy goramakda, Türkmen halkynyň ykbalyny oňaýly özgertmek ugrunda Enelermiziň, Gelin-Gyzlarmyzyň uly goşant goşup biljekdigine doly ynanýarys.

    Eziz we gadyrly Eneler we Uýalar!

    Sizi 8-nji Mart uluslarara Gelin-Gyzlar Güni bilen gutlaýarys, Alyp barýan işleriňizde egsilmez edermenlik we erjellik dileg edýäris.

    Türkmen Sähra Birleşik Guramasy

    03.07.2025


    Paýlaşyň, اشتراک گذاری , Share :