8-nji March Ulus-ara Gelin-Gyzlar Güni Gutly Bolsun!

8-nji March Ulus-ara Gelin-Gyzlar Güni Gutly Bolsun!

Biz Türkmensähra Birleşik Guramasynyň agzalary, bütin gelin-gyzlary 8-nji March güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Dünýäniň köp ýurtlarynda , bu güni uly baýram bilen garşy alýarlar. Ýöne Iran yslam hökümetinde , Gelin- Gyzlaryň hukuklary gödeklik bilen depelenýar we 8-nji March güni hem ulus-ara güni diýip tanalmaýar.

Gelin -gyzlaryň şu güne çenli alyp barýan göreşleri , edil Iranda ýaşaýan milletler jünbeşi ýaly , erkin durmuşa sataşmagyň düýp sütünleriniň biridir. Iranlylar şol sanda gelin-gyzlar, milletler, işçiler, daýhanlar we başga gatlaklaryň, dini režimiň gol astyndan boşap , ak güne çykmagy ,olaryň agzybir göreşine baglydyr diýip düşünýäris .

Biz Iranda we aýratyn hem Türkmensährada gelin-gyzlaryň hukuklaryny elgermek ugrunda ykjam gatnaşýanlara uly üstünlikler dileg edýarys.

Türkmensähra Birleşik Guramasy

08.03..2024

Paýlaşyň, اشتراک گذاری , Share :