Türkmen Sähra Birleşik Guramasynyň Türkmen halkyna ýüzlenmesi!
Hormatly Ildeşler!
Ýurdumyz Iranda 14-nji jemhur başlygy – Pezeşkiýan öz döwlet agzalarny düzüp, işe başlady.
Biz öňki ýaýlandyrlan bildirişimizde, Türkmen halkynyň kynçyklary, jemhur başlyk “saýlaw “ oýuny bilen çözüp bolmajagyny, bu hökümetiň düýpli özgerişlikleri ýerine ýetirmäge ukybynyň ýokdygyny aýdyp geçipdik.
Pezeşhkiýana tabşyrylan esasy wezipe, hökümet bilen Iran watandaşlarynyň arasynda düşen uly çaty, ýüzleý işler bilen seplemekden ybaratdyr.
Bir agyzda aýtsak , Pezeşkiýanyň maksady, bu çagşan hökümeti, öňki döwletde orunlara eýe bolan ýurd talaňçylarny gaýtadan orun bermek bilen, hükümeti ölümden halas etmekdir.
Pezeşkiýan öz-özünden, biz Türkmenlere peýda getirer, diýip garaşmak, ýalňyşdygyny gaýtadan nygtap geçmegmiz gerek.
Biz öz agzybirligimizi saklap, jebislik bilen, hak we hukugymyzy sorap, isläp durmaly.
Biziň pikirimiz boýunça şu günki ýagdaýda aşakdaky islegleri yzygiderli agzap , talap edip durmaly :
1- “Türkmen Sähra” adynda bitewi bir Ostan(Bölge) döredilmeli. Bu bölge Gülüstan we Demirgazyk Horasanda ýaşaýan Türkmen ilatyny we topragyny birikdirip gurulmaly.
2- Türkmen Sährada dolandyryş işleri alyp barmak üçin, halkyň ynamyny gazanan, Ukybly -bilimli Türkmenler saýlanmaly.
3- Iranyň başga künjeklerinden, aýry ilaty, Türkmen Sähra göçürip getirmek syýasaty ýatyrmalydyr .
4- Türkmen Sähra mekdeplerinde, Okuwlar Türkmen Dilinde okadylmaly. Türkmen medeniýet we bilim ojagy (Farhangistan) gurulmaly.
5- Ýerli ilaty we ýaşlary iş bilen üpjün etmeli. Türkmen sährada öndürilýän önümleri işlemek, gaýtadan işlemek , täze önümleri döretmek üçin, Türkmen sähranyň özinde kärhanalar, iş ýerleri açylmaly. Turizmi we tijaret ulgamlarny ösdürmek üçin gara ýollary ýaýbaňlandyrmaly. Günbed kawus şäherine demir ýol çekilmeli. sebitde ýerli kadyrlary ýetişdirmek üçin ýokary okuw jaýlary, has-da tebibçilik (medesin) ugurda gurulmaly.
6- Balyk we deňiz önümlerni ösdürmek üçin, ýerli ilata mümkinçilik döredip goldaw berilmeli.
7- Türkmen Sährada maldarçylyk we ekerançylyk üçin ulanylýan ýerlerde, ýaşaýyş jaýlarnyň gurulmagyny gadagan etmeli .
8- Suw we tebigaty goraýyş işleri alynyp barylmaly we ýetirlen zyýanlara garşy çäreler görilmeli. Daýhanlary tölegsiz suw bilen üpjün etmeli.
9- Ak gala töwereginde hapa dökülmegini gadagan etmeli.
10- Türkmen haly-halçalarny we el hünärlerini dünýä bazarlaryna göniden çykarmak üçin, Türkmenlere doly rugsat berilmeli.
11- Türkmen Sährada Hazar deňiziň üsti bilen, goňşy döwletler we Iranyň Hazar ýakasyndaky şäherler bilen köneden bar bolan aragatnaşyklary ýeneden ýola goýmaly.
Ýaşasyn Türkmen Sähra!
Ýaşasyn Türkmen Milleti!
Türkmen Sähra Birleşik Guramasy
08.09.2024