Türkmen Sähra Birleşik Guramasy Israiliň Irana çozuşyny berk ýazgarýar

Türkmen Sähra Birleşik Guramasy Israiliň Irana çozuşyny berk ýazgarýar

Geçen hepde – Anna güni 13-nji Iýunda, Israil bütin ulusara ykrar edilen düzgünleri, kada we kanunlaryny äsgermezlik bilen aýak astyna alyp, Irana çozyş edip, birnäçe harby serkerdelerini, ylmy adamlaryny, günäsiz aýal-çagalary we ýurduň raýatlarny terror bombasy bilen öldürdi. Şonuň bilen orta gündogarda ýene bir uruşy başlady.

Türkmen Sähra Birleşik Guramasy Israiliň başlan bu uruşyny gaty ýazgarýar we bütin wepat bolanlaryň maşgalasyna yzy ýarasyn diýip, gynanjyny bildirýär.

Bu uruş ýyllar öň, günbatar empirýalistlaryň  tarapyndan planlaşdyrylypdy. Israil bu imperýalistlaryň guduz iti hökmünde, şu uruş plany durmuşa geçirmäge borçludyr. Sebäbi Israil dörän gününden bäri, diňe imperýalistlaryň goldawy, ýardamy, pul we ýaragy bilen öz barlygyny dowam etdirip gelýär.

Bu uruşyň düýp sebäbini giň görnişde bakamyzda, orta gündogarda bolup geçýän žeopolitika özgerişler bilen bagly bolup durýar. Ençeme ýyllar bäri ýekelikde dünýäde agalyk eden Amerika imperiýalistiniň garşysyna täze güýçler döräp başlady.

Indi, orta gündogordaky ýurtlara garşy, Israiliň harby güýjini ulanmak sýyasatynyň soňgy gelip ýeti. Iran täze döreýän žeopolitika gapma-garşylyklaryň merkezinde ýerleşeni üçin bu jenaýatçy hüjüme sezewar boldy.

Israil orta gündogary bulaşdyrmak we Iranyň döwletini ýykmak maksadyny ýalan “Demokrasy”, “Azatlyk” şygary bilen başlady.

Bu sýyasatyň başa barmajagy öňünden belli, sebäbi günbatar imperýalistlarnyň we Israiliň Palestinde, Gazada görkezen ganhorlygy, bularyň “Demokrasy”, “Azatlyk” şygarlarynyň ýalandygyny bütin dünýä äşgär etdy.

Türkmen Sähra Birleşik Guramasy Israiliň ulusara düzgünlerni ýerine ýetirip, yza çekilmesi üçin, Birleşen Milletler Guramasynyň “howpsuzlyk maslahatyny” çagyryp, Israili berk ýazgaryp, oňa çäre görülmegini isleýäris.

Üstesine-de, hüjüm eden jenaýatçy Israil, Iran halkyna ýetiren ýitgileriniň öwezini doly tölemäge borçludyr.

Türkmen Sähra Birleşik Guramasy

21.06. 2025

Paýlaşyň, اشتراک گذاری , Share :