• Iran Türkmenlerniň Milli Döwlet gurmagynyň 100 ýyllygy gutly bolsun!

    Iran Türkmenlerniň Milli Döwlet gurmagynyň 100 ýyllygy gutly bolsun!

    Türkmen Sähra Birleşik Guramasy bütin ildeşlermizi Türkmen Sährada Milli Döwlet gurulmagynyň 100 ýyllyk baýramy bilen gutlaýar.

    1924 ýylda, Maý aýynyň 20-sinde Türkmen halky uly Gurultaý geçirip, Ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlara we Türkmen Töresine uýup, Türkmen milli hökümeti yglan edýär.

    Bu uly Gurultaýa Türkmen halkynyň bütin tire-taýpalaryň gatnaşmagy bilen, Demokratyk usullaryna laýyklykda saýlawlar geçirlip, Osman Ahun Omer Goýunly oglyny, hökümet baştutanlygyna saýlaýarlar.

    Bu waka Iran Türkmenlerniň taryhynda uly orna eýedir. Sebäbi bu bolupgeçme, Türkmenleriň asyrlar boýy gursagynda göterip gelýän, öz ykbalny özleri kesgitlemek, milli hökümete eýe bolmak isleg-arzuwsyny hakykata öwrendir we Türkmen halkynyň hökümet gurmaga doly başarjaňlygynyň bardygyny aňlatýandyr.

    Türkmen halkynyň milli hökümet gurmak islegi we ukyby hakda agzamagymyz ýöne ýerden däl dir, Sebäbi geçen ýyllarda, Irandaky Solçy, Sagçy, “Iranşähri” sýyasy toparlar, Iranda ýaşaýan milletleriň öz ykbalyny özleri kesgitlemek hukuklarny dänmek üçin, ykdysady we jemgyýetçilik ösüş teoriýalaryna salgylanan bolup, Türkmenleriň we Irandaky ýaşaýan başga halklaryň ýaşaýyş şertlerini, olaryň göwrümini, tire-taýpa düzümini , ykdysady önümçilik görnüşlerini agzamak bilen, bu halklaryň özbaşdak döwlet gurmak islegini we öz ykballarny özleri kesgitläp bilýän ukybyny sorag astyna çeken bolýarlar.

    Bular ýaly pikirler başga halklary kemsidip, olaryň tebigi hak-hukugyny ýoýmak üçin göre-bile orta atylýar. Munuň ýaly pikirleri öňe sürýanlar diňe öňki we häzirki Iran režimlerniň goldawçylarydyr.

    Taryhda görşimiz ýaly, Türkmenleriň Ata-babalary Seljuklar, Iranda we ortadogyda iň uly döwletleriň biri bolan Seljuk emperaturlygyny gurup başarmagy, olaryň ykdysady ösüş we jemgyýetçilik şertler bilen bagly bolman, eýsem Seljuklaryň özbaşdak döwlet gurmak islegi we ukýby bilen dörändir.

    Türkmen Sährada 1924 ýylda gurlan hökümet, Edil Türkmenistanda ýaşaýan Türkmeler ýaly bir meňzeş ykdysady we jemgyýetçilik şertlere eýe bolandyr. Eger-de bu hökümet, Riza şah we Iňlisleriň goldawy bilen ýok edilmedik bolsady, onda bu gün Iran Türkmenleri hem başga  durmuşda ýaşardylar.

     “Ykdysady ösüş we jemgyýetçilik şertleri” öňe sürýänlara, “Tire -taýpa baglaryny saklap gelýän, göwrümi uly bolmadyk, Saha milleti, Ketler, Altaý, Adygeý, Astrahan, Galmyklar, Mary ili we ýene-de bir-näçe Aurupa ýurtlarynda ýaşaýan, diňe Çarwaçylyk-maldarçylyk bilen meşgul bolan, Saami halklaryň özbaşdak döwletleriň bardygyny, öz ykbalyny özleri kesgitläp bilýändiklerini ýatlatmak gerek.

    Häzirki güne çenli, “Tire-Taýpa” düzümlerini saklap gelýän milletler, dünýäde iň ösen ýurtlarda: Aurupada, Arap ýurtlarynda bar bolmagy, Halklaryň öz ykbalyny özleri kesgitlemek tebigi islegi , ykdysady we jemgyýetçilik şertlerden, “Tire-Taýpa” düzümlerden has üstün gelýandygyny aňlatýandyr.

    Birleşen Milletler Guramasynyň tarapyndan yglan edylen, Ýerli halklaryň milli döwlet gurmak, öz ykbalyny özleri kesgitlemek ygtyýary, bütin halklar üçin deň hukukdyr. Bu tebigi haka eýe bolmak üçin hiç hilli ýörite şert gerek däldir.

    1924-inji ýyldaky yglan edilen döwlet, Bu gün Türkmenler üçin, aýdyň görelde bolup durýar.

    Türkmen Sähra birleşik Guramasy Türkmen halkyny gutlamak bilen, halkymyzyň öz ykbalyny özi kesgitlemek islegini durmuşa geçirmek ugrunda bütin ildeşlerimizi jebislige we agzybirlige çagyrýar.

    Türkmen Sähra birleşik Guramasy

    20 Maý 2024 ýyl  


Paýlaşyň, اشتراک گذاری , Share :