«Magtymguly» diýip adym tutsalar

«Magtymguly» diýip adym tutsalar

Ýol üstünde ölsem, ýola atsalar,
Razy men üstümden basyp ötseler,
«Magtymguly» diýip adym tutsalar,

Iran Türkmenleriniň her ýylda geçirýän “Magtymguly Günleri” baýramy, bu ýyl hem Türkmen sähranyň bütin oba-şäherlerinde, Halkymyzyň uly gatnaşmagynda, aýdym-saz, goşgy gijelerini geçirmek bilen başlandy.

Iran Türkmenlerinde ulanylýan hasabata görä, Beýik Şahyryň doglan güniniň 292 ýyl baýramy, Türkmen sähranyň Ak Tokaý obasynda geçirilýär.

Türkmenleriň bu dabaralara ýylaşa ykjam gatnaşmagy, Beýik Magtymgulynyň Türkmen halky üçin agzybir, özerkli we erkana durmuş arzuw islegleri bilen baglydyr.

Türkmen halkynyň asyrlar boýy beslän arzuw islegleri Şahyryň goşgularynda ýaň berip, seslenip durýar. Türkmen arzuw- isleglerine Şahyryň sözlerinde goldaw tapýar.

Magtymguly Pyragynyň her bir sözi bu gün hem bütin Türkmen üçin ruhy, ahlak baýlygyň, adalatlygyň we il-güniň aladasynyň egsilmez taglymat gaýnagy bolup dur.

Türkmen halky bu geçirilýän dabaralar gatnaşmak bilen ýenede bir gezek bu beýik akyldaryň taglymatyna tagzym edýär.

Bütin Türkmen ilimizi Beýik Magtymguly atamyzyň adyna geçirilýän baýram bilen gutlaýarys!

Goý onyň Türkmen halky üçin beslän arzuw alkyşlary hasyl bolsun!

Bu dabaralary geçirilmegine gatnaşan ýadawsyz ýigitlerimizi, Taňry ýalkasyn!

Türkmen Sähra Birleşik Guramasy

16.05.2025

Paýlaşyň, اشتراک گذاری , Share :