kyrk ýyl
Biziň,Türkmen medeniýetimizde “”kyrk” sanynyň agramly ýeri bar. Durmuşda bolup geçýän ýaşaýşyň ajydyr-süýji pursatlaryň belligini “Kyrk” sany bilen baglanyşdyrýarlar.
Bu ýazgy hem şol “Kyrk” bilen baglanşykly.
Kyrk ýyl mundan öň Türkmen ogly Jelil Sallah öldürildi. Jelil neresse Türkmeniň gelejegi, hak-hukugy üçin göreşipdi. Şol göreşiň sebäbine görä-de ol ene-atasyndan, dogan-garyndaşlaryndan aýrylmaly bolupdy we hasda ýurduny terk etmeli bolupdy.
Jelil 1344-nji (1965) ýylda “Sallah” obasynda dünýä inipdi. 1358-nji ýylda Türkmen halkynyň, zähmetkeşleriň haky üçin şol döwürde bütin Türkmen Sährany gurşap alan milli-synpy göreşde Jelil hem öz ornuny tapypdy. Ol Ak Galada we Kümmetde, halk hereketine ykjam gatnaşyp, Bu hereketiň esgerleriniň biri bolupdy.
Jelil ýoksuz daýhan maşgalada önüp ösdi. Onuň üçin ýoksuzlygyň nämedigini başgalardan, kitapdan we ýa filmden öwrenmegiň geregi ýokdy . Ýoksuzlyk onuň durmuşydy. Ol ýetginjek ýaşa ýetende bu ýoksuzlygyň sebäplerini, şol döwürde emele gelen şertler zerarly öwrenip, taplanypdy.
Jelil 1362-nji (1983) ýylda Türkmen Sährany terk etmäge mejbur bolansoň, sowetler ýurduna sygynmaly boldy. Onuň egindeşleriniň birnäçesi hem şeýle Türkmenistana sygynypdylar.
Jelil Türkmenistanda, Türkmen dilini öwrenmäge, Türkmen taryhy we edebiýaty bilen tanyş bolmaga mümkinçilik tapypdy. Neresse bilýän ýaly, bu çeşmeden ganmak üçin howlugýardy. Ol gysga wagtyň içinde, işden soň Türkmen dilini, ýazuwy, okamagy öwrendi. Soň Türkmeniň beýik şahyry Magtymgulynyň goşgylarny öwrenmäge başlady. Şeýle-de Türkmenistanyň Taryhyny-da öwrenýärdi.
1985-nji ýylyň täze ýyl baýramynda Türkmenistanyň tanymal dilçisi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky “Dil we Edebiýat” institutyň ylmy işgäri Gurban Ataýew Iranly ýigitleriniň ýanyna myhmançylygda bolupdy we bir hepde olar bilen tanaşyp ýaşapdy. Jelil, Gurban aga bilen gije-gündiz diýmän söhbetdeşlik geçiripdi. Bar bolan soraglaryny Gurban agadan sorapdy.
Gurban agany demir ýol-da Aşgabada ugratmaga baranymyzda Gurban aga, ýola çykmazyndan öň şeýle aýdypdy: “ siziň araňyzda biri uly derejelere ýetmäge Jelilde gor bar.” şonuň üçin-de şul ýigidi gorap saklaň” diýipdi.
Ýöne bu Türkmen ýigitlerine başartmady. Jelil neresse göwrümi kiçi we ejizligine garamazdan, mertligine, gorkusyzlygyna, we hakykat üçin göreşjeňligine ikilik getiren ýeri ýokdy. Jeliliň ýaşaýyş tanapyny kesmäge bil baglanlar hem bardy. Sebäbi Jelil hakykatçy we görşjeňdi. Köp işläpdi we köp göreşipdi.
Jelil 1985-nji ýylyň Fewralynda daňdan süýji ukuda uklap ýatyrka namartlarça öldürildi. Bu gün bolsa ol neressänyň “kyrky”.
Ýatan ýeri ýagty bolsun! Yzy ýarasyn!
Gadyrly Ildeşler !
Biz bu ýazgyny Jelil neressänyň suraty bilen bezmekçidik. Ýöne biziň mümkinçiligimiz çäkli bolany üçin bu islegimizi ýerine ýetirip bilmedik. Bu ugurda kimde-kim, ol neressänyň suratyny ibermek bilen , bize ýardam berip biljek bolsa biz bilen habarlaşmaňyzy soraýarys.
Köp sag boluň!
Türkmen Sähra Birleşik Guramasy
09.02.2025