Iranda öňümizdäki prezident “saýlaw” oýnuna gatnaşmaýarys!
Türkmen Sähra Birleşik Guramasy Iran hökümetiniň “saýlaw“ oýnuna gatnaşmaýar !
Öňümizde (8 -nji Tir aýynda – 28-nji Iýun aýy) Iranda adatdan daşary prezident “saýlawy” geçiriljek. Irandäki we onuň çäginden daşary ýurtlardaky bütin syýasy güýçler we toparlar dürli milli bölünişiklere, we dünýä garaýyşlara degişli bolan guramalar bu waka öz düşünjelerini ara atýarlar.
Biz öz gezegimizde bu oýna, Türkmen milli bähbidini araýan topar hökmünde garaýşymyzy şeýle beýan edýäris:
Iran bir köp milletli ýurtdur , Iran hökümeti soňky ýyllarda , bu hakykata ykrar etmän gelýär. Bu syýasaty ýöredýänleriň maksady, halkyň arasyna agzalalyk salmakdyr. ýurduň baýlyklaryny talamak üçin, bu syýasat şu güne çenli dowam edip gelýär.
Iranyň 1357-nji ýyldaky ynkylabyndan soň kabul edilen esasy kanuny işçileriň, daýhanlaryň, Iranda ýaşýan dürli milletleriň we has-da aýal-gyzlaryň bähbitleri üçin kä bir ýarym-ýalpa maddalary girizilen bolsada, şu güne çenli ol maddalaryň hiç biri durmuşa geçmedi.
Şol salgylan kanun esasynda Iranda, ýurduň eýýam ýarysy bolan aýal-gyzlar prezident bolup bilmeýärler. Ondan başga aýal-gyzlar köp jemgyýetçilik işlere eýe bolmaga hem haky ýokdur.
Iranyň esasy kanunyna laýyklykda, ýene Iran milletleriniň köpüsi prezident bolmaga haky ýok. Sebäbi şol kanunda kesgitlenşy ýaly, diňe Şaýy ynançda bolan kişi prezident bolup bilýär. Bu ýene Iranly Sünni ynanjynda we Yslamdan başga ynançlardaky milletler hiç haçan (yslam nyzamy höküm sürdügiçe) prezident bolup bilmeýärler.
Soňky 45 ýylda, Yslam häkimiýeti Iranda gurlany bäri, bu häkimiýet hiç wagt öz başda beren sözlerini durmuşa geçirmän, Iran halkyny aldap, hökümini sürüp geldi. Ýöne ilatyň hak- hukuklaryny aýak astyna almagy, tebigaty ýok etmegi, halky gysyp saklamagy örän gowy durmuşa geçirdi.
Her bir “saýlaw” döwürde hem ilaty we bütin syýasy toparlaryny, jemgyýet gatlaklaryny aldawa salyp geldi. elbetde Iranyň içindäki iş alyp barýan bütin syýasy güýçler, şol Yslam “Nyzamyny” gorap saklamaga ant içen ýaly. Olaryň düýp maksady şol “Nyzamy” gorap saklamak. Il-Halk adyny diňe ýokary wezipä çykmak, maddy bähbit gazanmak üçin ulanýarlar.
Biz we öňümizdäki Prezident “saýlawy”
Ýokarda sanalyp geçilen sebäplere görä, bu “saýlaw” öňki “saýlawlardan” üýtgeşikligi ýok. Diňe bu oýuny alyp barjaklar öz ýalanlary bilen halkyň gözüni gamaşdyrjak bolup syn edýärler. mundan gelip çykjak netije öňünden belli. Milletlere öňküsi ýaly hak-hukuk ýok, aýal-gyzlar şol öňki düzgünde we şol öňki kemsitmeler bilen ýaşamaly bolarlar. Işçiler, daýhanlar, Mugallymlar, işden galan ýaşy ulularyň hak-hukuklary ýene gödek bozuljak we eziljekler. Tebigat baýlyklary we düzgüni öňküsi ýaly bozuljak, hapalanjak we ýok edilmesi dowam ediljek.
Mundan gelip çykýan netije şeýle: Iran hökümetiniň düýpli özgerişlikleri amala aşyryp bilmejegine we beýle ukybynyň ýokdygyna göz ýetirenimiz üçin, biz “saýlaw”-dan öň berilýän aldaw wadalara gulak gabartman, bu oýnuna goşulmaýarys.
Türkmen Sähra Birleşik Guramasy
06.20.2024