Beýik Magtymguly Pyragyny ýatlama günleri gutly bolsun!

Beýik Magtymguly Pyragyny ýatlama günleri gutly bolsun!

Türkmen Sähra Birleşik Guramasy bütin Türkmen milletini beýik atamyz Magtymguly Pyragynyň günleri bilen tüýs ýürekden gutlaýar.

Hormatly Ildeşler!

Bu günleri Ata watan Türkmenistanda, Türkmen Sährada, Awganystanda we daşary ýurtlardaky Türkmenler beýik Pyragyny ýatlap, baýramçylykly geçirýarlar.

Magtymguly Pyragy öz goşgylarynda Türkmen milletine agzybirlik bilen erkana döwlete eýe bolmak arzuw edipdir. Bu ugurda paýhas we edermenlik bilen göreş alyp barmak, gelejek nesillere ýol çyrasy bolandyr.

Şahyryň sözleri Türkmen milletiniň durmuşynda diňe nakyl we aýdym bolup galman, eýsem erkinlik üçin alyp baran milli göreşinde onuň ruhyny we ynamyny galkyndyrjy ýaragy bolupdyr.

Biz beýik Pyragynyň günlerini gutlamak bilen, şahyryň Türkmen milletine beslän arzuwlaryny Iran Türkmen Sährasynda hem durmuşa geçmegini dileýäris.

Türkmen Sähra Birleşik Guramasy

19.05. 2024

Paýlaşyň, اشتراک گذاری , Share :